«Forbes» bir hepdede has baýan milliarderleri atlandyrdy

  • 21.04.2021 10:00
  • 13k+

«Forbes» žurnaly bir hepdäniň dowamynda baýlygyny has artdyran milliarderleri belli etdi. Olar SpaceX we Tesla-daky paýnamalara eýe bolan amerikaly telekeçi Ilon Mask we Louis Vuitton Moet Hennessy (LVMH) toparynyň prezidenti Bernar Arno boldy. Bir hepdäniň içinde olaryň baýlygy 13 milliard dollar artdy diýip, day.az habar berýär.

Şeýle-de bolsa, telekeçileriň ikisi-de dünýä reýtinginiň lideri – baýlygy 1,4 mlrd dollar artan Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosyň yzyndan ýetip bilmedi.
Hepdäniň jemi boýunça, Arnonyň baýlygy 181,6 milliard dollara ýetdi, bu onuň sanawda ikinji orunda ýerleşmegine sebäp boldy. Mask 179,7 milliard bilen üçünji orunda ýerleşdi. Häzir Bezosyň baýlygy 197,8 milliard dollar bilen bahalandyrylýar. 

«Milliarderler bassyr dördünji hepde rekordy täzelän bazarlaryň rekord derejede ösüşiniň esasy benefisiarlary boldy» – diýip, žurnal belleýär.

S&P500 bazar indeksi bir hepdäniň dowamynda 1,4% ýokarlanyp, rekord görkezdi. Dow Jones senagat indeksi hem hepdäni 1,2% ösüş bilen tamamlap, rekordy täzeledi. NASDAQ tehnologiki indeks barada aýdylanda, ol bir hepdäniň dowamynda pes, ýagny 1,1% ösüşi görkezdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......