Wladimir Putin 2020-nji ýylda, takmynan, 10 million rubl gazandy

  • 19.04.2021 15:01
  • 25k+

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 2020-nji ýyldaky girdejisi 9 million 994 müň rubl boldy.  Bu barada Kremliň web sahypasynda çap edilen girdejiler, çykdajylar we emläk baradaky beýannamasynda aýdylýar.

Russiýanyň Lideri geçen ýyl 2019-njy ýyldaky 9 million 726 müň rubl girdejisinden 268 müň rubl köp gazandy. Prezident iň köp girdejisini, ýagny 18,7 million rubldan gowrak girdejini 2017-nji ýylda gazanypdy, ýöne ol 15 gektar ýer bölegini satmakdan gelýän serişdeleri hem öz içine alypdy.
Beýannamada Prezidentiň emläginiň sanawynyň üýtgemändigi bellendi. Onuň emläkleriniň arasynda meýdany 77 inedördül metr bolan öý we 18 inedördül meýdany bolan ulagjaý, iki sany raritet "Wolga" GAZ M21, "Niva" ulagy we "Skif" tirkegi bar. Häzir Prezidentiň ulanyşynda 153,7 inedördül metre barabar öý we 18 inedördül metr meýdany bolan ulagjaý bar. Bularyň hemmesi-de Russiýanyň çäginde ýerleşýär.
2018-nji ýylda Putiniň girdejisi, takmynan, 8,65 million rubl, 2016-njy ýylda - 8,86 million rubl, 2015-nji ýylda 8,9 million rubl bolupdy. Ondan öň döwlet baştutanynyň girdejisi ep-esli azdy: 2013-nji ýylda - 3,6 million rubldy, 2014-nji ýylda bolsa şol döwürde aýlyklary garamagyndakylaryň girdejilerinden az bolan Prezidentiň we premýer-ministriň pul hakynyň ýokarlanmagy bilen 7,6 million rubl boldy.
Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň 2020-nji ýyldaky girdejisi bolsa 19 million 853 müň rubl boldy, diýip TASS habar berýär.

şu gün 01:30
647

«Bu oýun däl»: ABŞ-nyň häkimiýetleri geýmerleri awiadispetçer wezipesine işe alyp başladylar

ABŞ-nyň Federal awiasiýa müdiriýeti (FAA) we Ulag ministrligi kadr ýetmezçiligi meselesini çözmek maksady bilen, wideooýun muşdaklaryny awiadispetçerlige çekmek boýunça giň gerimli kampaniýa başladylar....

düýn 11:55
8.7k+

Antarktidada dünýä kartalaryna girizilmedik näbelli ada tapyldy

Polarstern buz döwüji gämisinde halkara ekspedisiýa topary Weddell deňzinde ozal nawigasiýa kartalarynda görkezilmedik adany tapdy. Bu açyş Larsen buz şelfi öwrenilýärkä, gämi Juanwil adasynyň golaýyndaky......

düýn 00:02
8k+

Dünýädäki iň garry kepderi 44 ýaşynda aradan çykdy

ABŞ-da dünýäniň iň garry kepderisi diýlip hasaplanýan Şugar atly guş 44 ýaşynda aradan çykdy. Bu waka bolmazyndan az wagt öň kepderi resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi....

11.04.2026 19:38
3.7k+

Ýewropa gününe bagyşlanan «Dostluk ganatlary» ylgawyna 650-den gowrak adam gatnaşdy

Aşgabatda Ýewropa gününe we Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan «Dostluk ganatlary: ÝB–Türkmenistan» atly köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň habar......