Sony World Photography Awards 2021 bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

  • 17.04.2021 16:10
  • 7.5k+

Halkara emin agzasy abraýly Sony World Photography Awards 2021 foto bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi diýip, news.mail.ru habar berýär.

Bu ýyl “Ýylyň suratçysy” adyna demirgazyk Angliýadaky real durmuşy we jemgyýetler barada ýoýulýan düşünjeleri öwrenýän “Bank Top” seriýasy üçin meşhur dokumental suratçy Kreýg Iston mynasyp boldy. Baýrak hökmünde Iston sanly fototehnika toplumyny we 25 müň dollar möçberinde pul baýragyny aldy.
Mundan başga-da, Professional bäsleşigiň on kategoriýasynda ýeňijiler we finalçylar, Açyk, Talyplar we Ýaşlar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.
Professional bäsleşigiň finalçylary iki rus suratçysy boldy -  Saşa Bauer (Sowet çagalygynyň taryhy üçin “Döredijilik” kategoriýasynda 3-nji orun) we Fýodor Sawinsew (Kamçatkanyň suratlary üçin “Peýzaž” kategoriýasynda 3-nji orun).
“Wiktoriýa stilindäki afrikaly aýal” portreti üçin zimbabweli suratçy Tamari Kudite Açyk bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Stellenbos dizaýn we fotografiýa akademiýasynyň (GAR) Koenraad Haýns Torlage atly talyby “Ýaş fermerler” işi üçin “Talyplar bäsleşiginde ýylyň suratçysy” adyna mynasyp boldy. “Ýaşlar bäsleşiginde ýylyň suratçysy” ady bu ýyl Hindistandan 19 ýaşly Pubarun Basa berildi, onuň “Hakykatdan gaçyp bolmaz” işi beýleki müňlerçe dalaşgärleriň arasynda iň gowusy diýlip bellenildi.

düýn 23:54
1.6k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1.7k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
1.2k+

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.7k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....