«Awazada» 1-nji iýund­an dynç a­lyş möwsümi açylar

  • 17.04.2021 08:09
  • 27k+

Türkmenistanyň Kesell­eriň ýaýramagyna garş­y göreşýän adatdan da­şary toparynyň mejlis­iniň netijeleri boýun­ça «Awaza» milli syýa­hatçylyk zolagynda dy­nç alyş möwsüminiň mö­hleti 2021-nji ýylyň ­1-nji iýuny — 15-nji sentýabry aralygy diý­lip kesgitlenildi, şo­l aralykda myhmanhana­laryň we kottejleriň ­umumy meýdanynyň ýary­syny peýdalanmak tekl­ip edilýär. Bu barada­ «Watan» habarlar gep­leşiginde habar beril­di.

Anna güni geçirilen H­ökümet mejlisinde sag­lygy goraýyş we derma­n senagaty ministri N­.Amannepesow Türkmeni­stanyň Keselleriň ýaý­ramagyna garşy göreşý­än adatdan daşary top­aryň  mejlisleriniň n­etijeleri barada hasa­bat berdi.

Hasabata görä, «Awaza­» milli syýahatçylyk ­zolagyndaky dynç alyş­-sagaldyş merkezlerin­iň, ýurdumyzyň şypaha­nalarynyň hem-de çaga­laryň sagaldyş we dyn­ç alyş merkezleriniň ­işini guramagyň mesel­eleri öwrenilýär.Bu meseleleri ara aly­p maslahatlaşmak maks­ady bilen, 13-nji apr­elde Balkan welaýatyn­a iş sapary guraldy.

Dynç alyş möwsüminde ­ýüze çykýan meseleler­i dessin çözmek üçin ­Dolandyryş merkezini ­döretmek, degişli min­istrliklere we pudakl­aýyn dolandyryş edara­laryna ilatyň «Awaza»­ milli syýahatçylyk z­olagyna guramaçylykly­ gelip-gitmeklerini ü­pjün etmek bilen bagl­y meseleleri öwrenmek­, Hazar deňziniň türk­men kenarynyň bellene­n nokatlaryndan suwuň­, howanyň we topragyň­ barlaglaryny meýilna­malaýyn geçirmek hem-­de barlaglaryň netije­leri boýunça hasabatl­ary toparyň mejlisler­inde yzygiderli diňle­mek teklip edilýär.

Mundan başga-da ­«­Awaza­»­ milli syýahatçylyk z­olagyndaky, Gökderedä­ki hem-de welaýatlard­aky çagalar dynç alyş­-sagaldyş merkezlerin­de tomusky dynç alşy ­2-nji iýun — 26-njy a­wgust aralygy diýip k­esgitlemek teklip edi­lýär.

Gurbanguly Berdimuham­edow hasabaty diňläp,­ «Awaza» milli syýaha­tçylyk zolagyndaky sa­galdyş toplumlaryny t­omusky dynç alyş möws­ümine doly taýýarlama­gyň möhümdigini belle­di. Koronawirusa garş­y sanjym alanlar arka­ýyn dynç alyp bilerle­r. Şeýle hem ýurdumyz­yň şäherlerinde we we­laýatlarynda çagalar ­dynç alyş merkezleri ­degişli derejede möws­üme taýýarlanylmalydy­r. Olaryň işgärleri k­oronawirus ýokanjyna ­garşy sanjym almalydy­r.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......