S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa we Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk boýunça düzümleriniň başlyklygyna saýlandy

  • 10.04.2021 15:25
  • 51k+

Türkmen-rus we türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen bölegine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow başlyklyk eder. Bu barada Hökümet mejlisinde habar berildi.

Mundan öň, bu wezipelere wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk edýärdi. R.Meredow dürli döwletler we ugurlar boýunça iş alyp barýan hökümetara toparlarynyň 10-a golaýyna ýolbaşçylyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň işi üçin degişli şertleri üpjün etmek maksady bilen degişli karara gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, munuň özi Russiýa we Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has anyk we netijeli işleri geçirmäge ýardam berer.

düýn 09:58
5.5k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

düýn 09:24
3.6k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

15.05.2026 14:43
10k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....