LG smartfon bölümini 2021-nji ýylyň iýulynda ýapar

  • 09.04.2021 20:07
  • 7.2k+

Günorta Koreýanyň LG Electronics korporasiýasy ykjam telefonlaryň bazaryndan gidýändigini mälim etdi diýip, kompaniýanyň hasabatyna salgylanyp, Yonhap agentligi habar berýär. Muny astera.ru ýetirýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, karar bu biznesiň ýitgililigi we ýokary bäsdeşlik bilen baglanyşykly. LG Electronics özüniň mobil bölümini ýapmazdan ozal, ony beýleki kompaniýalara satmaga synanyşdy. Ýöne alyjy tapylmady, şonuň üçin LG Electronics smartfon önümçiligini bes etmek kararyna geldi. Kompaniýa ykjam gurluşlar bölümini 2021-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli doly ýapmagy meýilleşdirýär.
Smartfonlary işläp düzmegiň we öndürmegiň deregine kompaniýa “akylly” öý ulgamyny işläp düzmäge, emeli intellekte we elektromobiller üçin komponentleri taýýarlamaga üns berer.
Belläp geçsek, soňky alty ýylda kompaniýanyň mobil bölümi 4,5 mlrd dollar möçberde zyýan çekdi. Öň kompaniýa bazarda diňe Samsung we Apple-den yza galyp, üçünji orny eýeleýärdi.
LG Electronics korporasiýasy LG Group-yň bir bölegidir. Ol 1958-nji ýylda esaslandyryldy, ýöne häzirki ady bilen 1995-nji ýyldan bäri hereket edýär. Kompaniýanyň önümlerine dürli hojalyk-durmuş enjamlary, telewizor, kompýuter we şuňa meňzeş dewaýslar, geçiriji gurluşlar, akylly enjamlar, smartfonlar we başgalar girýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......