Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler

  • 09.04.2021 13:51
  • 8.7k+

8-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-de Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygyndaky eýran hökümet wekiliýeti bilen geňeşmeler geçirildi. Gepleşikleriň netijesi boýunça iki döwletiň Daşary işler ministrleri «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna» gol çekdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik ugur boýunça, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-eýran gatnaşyklary bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki döwletiň DIM-leriniň arasynda hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda garaýyşlaryň meňzeşligi bellenildi. Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikir alşyldy.
Eýran tarapy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän parahatçylyga we ynanyşmaga bagyşlanan Halkara maslahata gatnaşmaga çagyryldy.
Hereket edýän hukuk resminamalaryna syn bermek bilen birlikde, Hazar deňziniň meseleleri hem-de Altynjy Hazar Sammitine görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Agzalan ugur boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda özara gyzyklanma bildirildi.

düýn 16:51
4.9k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....

düýn 16:03
2.1k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

düýn 13:45
11k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
9.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....