Türkmenistan we Russiýa ýokanç kesellere garşy göreşmekde özara goldaw alyşdylar

  • 07.04.2021 00:07
  • 24k+

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň çäklerinde ýokanç kesellere garşy göreşmekde özara goldaw alyşdylar.

Şeýlelikde, ýokanç keselleriň öňüni almak işine goldaw bermek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Russiýanyň Raýat goranyş-halas ediş gullugynyň uçary bilen Türkmenistana lukmançylyk serişdelerinden ybarat ýük gelip gowuşdy.
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, bu ýüküň düzüminde derman serişdeleri, agyz-burun örtükleri we lukmançylyk enjamlary (ultrases barlaglary we intensiw terapiýa üçin rentgenografik enjamlar) bar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň jogap goldawy hökmünde rus tarapyna ýokary hilli türkmen önümlerini iberendigi, bu önümleriň Astrahan oblastyna berlendigi bellenilýär.

«Rus tarapy  ählumumy pandemiýa döwründe ýeňil bolmadyk şertlerde has hem gymmatly bolan bu dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk hereketi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär» diýlip ilçihananyň habarynda bellenilýär.

düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......