Keseli dyrnagy­ňa seredip hem çaklap bolar

  • 03.04.2021 23:29
  • 16k+

Dermatolog Irina Sko­rogudaýewa dyrnaklard­aky üýtgeşmelerden çe­n tutup, saglyk bilen­ bagly birnäçe mesele­leri anyklap boljakdy­gyny aýtdy. "Radio 1"­ bilen geçirilen söhb­etdeşlikde haýsy kese­lleri dyrnakdan tanap­ boljakdygyny aýtdy. ­Bu barada tuapsevesti­.ru habar berdi.

Lukman sagdyn dyrnakl­aryň tekiz we ýalpyld­awuk görünmelidigini ­aýdýar. Sebäbi dyrnak­larymyz bedendäki dürli üýtgeşmelere gaty ­duýgur gurluşa eýedir­. Olar ýürek-damar keselleri we başga-da birnäçe kesell­er sebäpli üýtgäp bil­er.

“Ateroskleroz ýaly ag­yr patologiýa dyrnakl­aryň formasyny hökman­y suratda üýtgedýär, uzynlygyna we keseligine çyzmyklar hem eme­le gelip bilýär. Öýke­n keselleri, endokrin­ ulgamynyň keselleri ­bolan ýagdaýynda dyrn­aklar üýtgäp biler"-d­iýdi.

Beýleki zatlar bilen ­birlikde, böwrek ýetm­ezçiligi sebäpli dyrn­aklaryň ýagdaýy hasam­ erbetleşip biler. Hususan-da, bu ýagdaýda­ olaryň reňki üýtgäp ­biler. Şol bir wagtyň­ özünde, dyrnaklardak­y ak tegmiller A, B3 ­we B6 ýaly birnäçe wi­taminleriň ýetmezçili­gini görkezip biler.

26.09.2025 11:21
23

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň halkara sergisi geçiriler

Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde 3 sany iri forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar - Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresi, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahaty...

25.09.2025 20:32
25

Waksina derä sürtülende sanjymdan has täsirli bolýar: syçanlarda synag edildi

Barlagçylar deri çekilende ýerli ýagdaýda waksinanyň ulanmagyň adaty inýeksiýalardan has täsirli işländigini anykladylar. Synaglar syçanlarda geçirildi. Bu barada Londonyň King’s College uniwersitetiniň hem-de Fransiýanyň INSERM — Milli saglyk we lukmançylyk gözleg institutynyň hünärmenleri Cell Reports žurnalynyň sahypalarynda paýlaşdylar...

21.09.2025 20:36
7

IAEA-nyň we BSGG-niň bilermenleri Türkmenistana imPACT missiýasynyň saparyny amala aşyrdylar

8–13-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda we Daşoguz welaýatynda Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) hem-de Rak kesellerini öwreniş halkara agentligi (MAIR) tarapyndan gurnalan imPACT syn missiýasy geçirildi...

20.09.2025 06:33
6

Mounjaro derman serişdesi 2-nji görnüşli süýji keseli bolan çagalary bejermekde netijeliligini görkezdi

Eli Lilly kompaniýasynyň Mounjaro derman serişdesi (tirzepatid) 2-nji görnüşli süýji keseli bolan çagalarda we ýetginjeklerde netijeliligini görkezdi. Ol synaga gatnaşanlara ganyň düzümindäki şekeriň gözegçiligini gowulaşdyrmaga we beden agramynyň indeksini (BAI) azaltmaga kömek etdi diýip, Reuters habar berýär...