Lexus öz LS flagman sedanynyň çäkli, ähtimal, soňky seriýasyny hödürledi

  • 30.09.2025 22:56
  • 7.6k+

Lexus özüniň LS flagman sedany üçin çäkli Heritage Edition seriýasyny yglan etdi. Ol amerikan bazary üçin niýetlenen bolup, 1989-njy ýylda çykan modeliň birinji nesline bagyşlanýar.

Jemi 250 ulag çykarylar we olar diňe ABŞ-da satylar, demirgazyk amerikan bazarynda LS-niň galan wersiýalary praýs-sanawdan aýryldy. Şonuň üçin Heritage Edition bilen modeliň taryhy-da tamamlanyp biler.
Ähli awtomobiller gara metallik reňke boýaldy. Salonda gyzyl hakyky deri ulanyldy. Ýene bir aýratynlyk, oturgyçlarda tikinleriň we öňdäki panelde ýazgynyň bolmagydyr. Bu ulagyň çäkli seriýada çykarylýandygyny görkezýär. ABŞ-da baha 99,3 müň dollara barabar.
Lexus LS Heritage Edition doly üpjünçilik toplumyna eýe boldy: eksklýuziw dizaýnda 20 dýuýmlyk diskler, panorama üçegi, ähli oturgyçlarda ýyladyş, 23 dinamikli Mark Levinson audioulgamy we sürüji üçin elektron kömekçileriň toplumy. Ulagyň tehniki bölegi hem üýtgewsiz galmady: 3,4 litrlik goşa turbinaly hereketlendiriji 421 at güýjüni berýär we 10 basgançakly awtomat bilen bilelikde işleýär. Ol Torsen differensialy arkaly kuwwaty ähli tigirlere geçirýär.
Sedanyň bäşinji nesli 2017-nji ýyldan bäri çykarylýar we 2020-nji ýylda uly üýtgeşmä eýe boldy. Çäkli Heritage Edition seriýasy LS üçin iň soňky bolup biler diýlip pikir edilýär, ýöne resmi metbugat relizinde modeliň önümçiliginiň bes edilýändigi barada entek maglumat ýok. 


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.3k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....