AFK-2 Çempionlar ligasynda «Ahal» «Al-Husseýnden» utulyp, С toparda utuksyz galdy

  • 01.10.2025 11:37
  • 6.5k+

30-njy sentýabrda Arkadag şäheriniň stadionynda Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda Iordaniýanyň çempiony «Al-Husseýn» bilen duşuşdy. Oýun myhmanlaryň peýdasyna 1:4 hasabynda tamamlandy.


Ähli gollar duşuşygyň birinji ýarymynda geçirildi. «Al-Husseýn» çalt hüjümler bilen başlap, 16-njy minutda Andreý Bani hasaby açdy. Alty minut geçensoň, «Ahalyň» oýunçysy Elman Tagäýew garşydaşyň derwezesine penalti geçirip, hasaby deňledi. Ýöne 33-nji minutda albaniýaly hüjümçi Luis Kaçorri «Ahalyň» jerime meýdançasyndaky bulaşyklykdan peýdalanyp, toparyny öňe çykardy. 38-nji minutda Latir Fall tapawudy artdyrdy. Birinji ýarymyň goşmaça minutlarynda bolsa Kaçorri öz ikinji goluny geçirip, oýnuň ahyrky netijesini kesgitledi – 1:4.
Bu ýeňişden soň «Al-Husseýn» 6 utuk bilen «C» toparynyň liderligini saklady.
«Ahalyň» ýagdaýy bolsa «Mohun Bagan» hindi topary bilen bagly ýagdaý sebäpli kynlaşdy. Ilkinji tapgyrda türkmen topary Kalkuttada hindistanly garşydaşyny 1:0 hasabynda üstün çykypdy. Ýöne «Mohun Bagan» toparynyň diskwalifikasiýa edilmegi sebäpli bu duşuşyk güýjüni ýitirdi we «Ahalyň» 3 utugy aýryldy. Hindistanly topar sebäp hökmünde «Sepahan» bilen Eýrandaky oýna gitmekden ýüz öwürdi, howpsuzlyk meselesini we AFK tarapyndan kepillikleriň ýokdugyny görkezdi. «Mohun Bagan» Sport arbitraž kazyýetine ýüz tutdy, emma häzirlikçe ýaryşdan çykarylan ýagdaýynda galýar.
«Ahalyň» indiki duşuşygy 21-nji oktýabrda Arkadagda Eýranyň «Sepahan» toparyna garşy geçiriler.
1-nji oktýabrda bolsa ýene bir türkmen topary – ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» «B» toparynyň çäginde öz oýnuny geçirer. Ol Bahreýnde ýerli «Al-Haldiýa» topary bilen duşuşar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......