Hytaýda ýeli energiýa öwürýän dünýäde iň uly howa generatory synagdan geçirildi

  • 01.10.2025 09:23
  • 9.5k+

Hytaýyň Beijing SAWES Energy Technology kompaniýasy ýurduň ylmy institutlary bilen bilelikde S1500 ýel generatorynyň ilkinji synaglaryny geçirdi. Ol Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda, Sinszýandaky Hami şäherinde asmana galdy diýip, South China Morning Post habar berýär.

Täze gurluş halka görnüşli ganaty bolan ägirt aerostata meňzeýär. Onuň ululygy hem haýran galdyrýar – 60 х 40 х 40 metr. Ol gaz bilen doldurylan ballony we ýel akymyny gurluşyň içine gönükdirýän ägirt ganaty birleşdirýär.
Korpusda her biriniň kuwwaty 100 kilowatt bolan 12 turbogenerator ýerleşdirildi. Ýel halka bilen tutulýar, tizligi artdyrylýar we generatora düşüp, elektrik energiýasyna öwrülýär. Alnan energiýa aerostaty ýerüsti stansiýa bilen birleşdirýän kabel arkaly ýere iberilýär.
Synaglar çöllük ýerde geçirildi. Inženerler desganyň güýçli ýele we basyşa çydamlylygyny, şeýle-de ençeme gezek uçurmaga durnuklylygyny barlady. S1500 1500 metre çenli belentlikde işlemek üçin niýetlenendir.
Işläp düzüjileriň pikiriçe, şeýle uçýan ýel generatorlary uzakdaky ilatly nokatlar, ylmy stansiýalar, obserwatoriýalar ýa-da meýdan synaglary üçin awtonom energiýa çeşmesi bolup biler. 


17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....