Polşaly alpinist dünýäde ilkinji bolup Ewerestden kislorod ballony bolmazdan lyžada düşdi

  • 01.10.2025 17:52
  • 7.8k+

Polşaly alpinist Anjeý Bargel kislorod ballonyny ulanmazdan lyžada Ewereste çykan we düşen dünýäde ilkinji adam boldy. Bu barada The Guardian habar berýär.

“Depä çykmagyň özi kyn boldy. Men ozal hiç haçan şonça wagtlap şeýle belentlikde bolmandym. Kislorod bolmazdan Ewerestden lyžada düşmek meniň ençeme ýyl bäri arzuwymdy” – diýip, Bargel belledi.

Dagyň “ölüm zolagy” diýilýän ýerini – 8 müň metrden ýokary bölegini geçmek üçin Bargel tas 16 sagat sarp etdi. Ewerestiň depesinde howa şeýle bir az welin, alpinistler deňiz derejesinde elýeterli bolan kislorodyň diňe üçden birini alýar. Bu hem beýnä zyýan ýetmek, öýkende suwuklygyň üýşmek we hatda ölüm howpuny döredýär.
Ozal Bargel Ewerestden şeýle çemeleşme bilen düşmäge synanyşypdy, ýöne onuň 2019-njy we 2022-nji ýyllardaky synanyşygy şowsuz tamamlandy. Ol 2018-nji ýylda dünýäde beýikligi boýunça ikinji orunda durýan K2 pakistan dagyndan lyžada düşen ilkinji adam boldy.
Gimalaý baza maglumatlaryna görä, Ewereste 6 müňden gowrak adam çykdy, ýöne diňe, takmynan, 200-üsi muny kislorod ballony bolmazdan amala aşyrdy. Käbir alpinistler lyžada düşse-de, olaryň ýoly Bargeliňki ýaly uzak bolmandy. 


şu gün 10:30
2.7k+

Polşada rekord gatnaşyjylar bilen daýwing-küşt boýunça dünýä çempionaty geçirildi

Polşanyň Tarnowo-Podgurne şäherinde daýwing-küşt (suwasty küşt) boýunça dünýä çempionaty geçirilip, ol sportuň bu görnüşiniň taryhynda iň uly ýaryş boldy. Ýaryşa jemi 62 küştçi gatnaşdy....

28.04.2026 08:00
5.4k+

Polşaly bloger onkologik keselli çagalar üçin 60 million ýewro ýygnap, Ginnesiň rekordyny goýdy

Polşaly 23 ýaşly bloger Patrik Garkowski (internetdäki ady Łatwogang) onkologik keselli çagalara kömek etmek üçin geçirilen onlaýn haýyr-sahawat çäresinde Ginnesiň rekordyny goýdy. Dokuz günläp dynuwsyz dowam......

31.03.2026 11:02
9.7k+

Italiýadan Polşa barýan ýolda 12 tonna «KitKat» şokolady ogurlandy

Ýewropa daşalýan wagtynda Nestlé kompaniýasyna degişli bolan, içine «KitKat» şokoladlary ýüklenen uly ýük awtoulagy ogurlandy. Brendiň wekilleriniň habar bermegine görä, ogurlanan ýüküň umumy agramy, takmynan......

09.03.2026 16:49
22k+

Polşanyň tokaýlarynda gizlenip galan orta asyr şäherçesi tapyldy

Arheologlar Polşanyň günorta-gündogarynda örän gowy saklanan Kaplonosy Koloniýa – orta asyr şäherçesini ýüze çykardylar. Bu taryhy ýadygärlik Wlodawa şäheriniň golaýyndaky gür tokaýlaryň içinde nije asyrlap adam nazaryna ilmän saklanyp galypdyr...