Boeing kompaniýasy 737 MAX modelini çalyşjak täze uçary işläp taýýarlamaga girişdi

  • şu gün 18:03
  • 761

Boeing korporasiýasy 737 MAX-yň ornuny tutjak täze inçe fýuzelýažly uçaryň üstünde işläp başlady. Kompaniýa öňki modeliň howpsuzlygy bilen bagly meselelerden soň bazardaky ornuny dikeltmäge çalyşýar diýip, The Wall Street Journal habar berýär.

Neşir çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Boeing-iň ýerine ýetiriji müdiri K.Ortberg uçar üçin täze hereketlendiriji barada maslahatlaşmak üçin Beýik Britaniýada Rolls-Royce-yň wekilleri bilen duşuşdy. Şeýle-de, täjirçilik uçarlaryny öndürmek boýunça täze uly menejer bellendi. Boeing geljekki inçe fýuzelýažly uçar üçin uçarmanlar kabinasyny taýýarlaýar. Häzirki wagtda taslama irki tapgyrda.
Ortberg 737 MAX-yň ornuny tutjak model barada giňişleýin maglumat bermedi, ýöne hil we önümçilik bilen bagly uzak möhletli meseleleri çözmegiň, şeýle-de maliýe durnuklylygyny berkitmegiň kompaniýa üçin ileri tutulýan ugurlardygyny belledi. Boeing-iň beýanynda korporasiýanyň 6 müň uçary ýola goýmak we eýýäm yglan edilen modelleri şahadatnamalaşdyrmak ýaly dikeldiş meýilnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etdirýändigi aýdylýar.
Mundan öň Boeing şu ýylyň ikinji çärýeginiň netijeleri barada hasabat berdi. Çärýek ýitgisi 2024-nji ýylyň degişli döwründäki 1,09 mlrd dollar bilen deňeşdirilende 176 mln dollar boldy. Girdeji analitikleriň çaklamasyndan ýokary bolup, 35% ösüş bilen 22,75 mlrd dollar boldy. 


27.03.2025 14:19
3.8k+

Boeing bilen Airbus uçarlaryny ýeňletmek üçin önümçilikde kompozitlere geçýär

Boeing we Airbus ýaly iri uçar öndürijileri howa gämileriniň önümçiligine çemeleşmäni üýtgedip, alýuminden ýüz öwürmegi we kompozit  materiallary ulanmagy maksat edinýär. Bu barada Interesting Engineering portaly...

30.01.2025 15:21
5.7k+

SpaceX NASA-nyň kosmosda galan astronawtlarynyň yzyna gaýdyp gelmegini tizleşdirer

2024-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Halkara kosmos stansiýasynda galan Starliner gämisiniň ekipažy Ýere meýilleşdirilen möhletden öň gaýtarylyp bilner. Donald Tramp SpaceX-e bu iş bilen meşgullanmagy tabşyrdy. Ak...

09.08.2024 16:15
9.4k+

Boeing Starliner-däki näsazlyk zerarly iki kosmonawt kosmosda 2025-nji ýyla çenli eglenip biler

2024-nji ýylyň iýun aýynda Boeing Starliner kosmos gämisinde Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) uçan iki amerikan astronawty 2025-nji ýyla çenli orbitada galmaly bolmagy mümkin. Munuň sebäbi, kosmos gämisi HKS bilen...

26.03.2024 18:39
15k+

Boeing-iň ýolbaşçylygy uçarlaryň howpsuzlygy bilen bagly meseleleriň esasynda işden çekilýär

Boeing kompaniýanyň ýolbaşçylygynda uly üýtgetmeleriň geçiriljekdigini mälim etdi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, baş müdir Deýw Kalhun 2024-nji ýylyň ahyrynda wezipesinden gider, müdirler geňeşiniň...