BMW alty silindrli hereketlendirijilerini täzeledi. Olar has kuwwatly we tygşytly boldy

  • 30.09.2025 23:00
  • 4.8k+

BMW konserni öz modellerini kem-käsleýin täzeledi. Esasy üýtgeşme goşa turbinaly üç litrlik benzin hereketlendirijileri bilen baglanyşykly boldy – olaryň kuwwaty has artdy, ýangyjyň sarp edilişi bolsa azaldy.

Häzirlikçe täze hereketlendirijiler ikinji, üçünji we dördünji seriýanyň awtomobilleri üçin göz öňünde tutuldy.
Indi 3.0 hereketlendirijisi 392 at güýjüni we 540 Nm aýlanma güýjüni berýär, bu öňküden 18 a.g. we 40 Nm ýokarydyr. Elektrik hereketlendirijisiniň goşandy öňküligine – 12 a.g bolup galdy. Netijede, ulaglar 100 km/sag çenli tizligini öňküden 0,1 sekunt çalt artdyrýar. Ýangyjyň sarp edilişi hem azaldy: mysal üçin, indi BMW M240i kupesi 100 km üçin 8,8 l däl-de, 8 l harçlaýar.
Başga-da käbir üýtgeşmeler bar. Gran Coupe seriýasynyň BMW 2 ulagy üçin täze ýiti ýaşyl reňk elýeterli boldy. Gran Coupe seriýasynyň BMW 4-i we i4 üçin adaptiw faralara yzky lazer çyralary goşuldy. BMW X3-üň yzky oturgyjynyň ýüzi sähel üýtgedildi, 5-nji seriýada bolsa eşik üçin ildirgiçler peýda boldy. 


18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......