Çempionlar ligasy: «Galatasaraý» «Liwerpuly» utdy, «Kaýrat» bolsa «Reala» garşy durup başarmady

  • 01.10.2025 12:00
  • 8.6k+

30-njy sentýabrda we 1-nji oktýabra geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Stambulda «Galatasaraý» «Liwerpuldan» üstün çykdy, Kilian Mbappe het-trik bilen «Reala» ýeňiş getirdi. Şeýle hem «Bawariýa», «Atletiko», «Inter» we «Olimpik Marsel» garşydaşlaryny derbi-dagyn etdiler.

«Kaýrat» – «Real» 0:5
Almatadaky duşuşyk tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna sebäp boldy. «Kaýrat» goranyşa çekilmezden açyk oýny saýlady. Birinji ýarymda gazak kluby diňe bir gol geçirdti – 11 metrlik jerime urgusyny Mbappe ýerine ýetirdi. Arakesmeden soň «madridliler» depgini ýokarlandyrdy: Mbappe het-trik bilen Çempionlar ligasyndaky gol sanyny 60-a ýetirdi. Eduardo Kamawinga we Braim Dias hem gol geçirdiler.

«Galatasaraý» – «Liwerpul» 1:0
Türk kluby Çempionlar ligasynda 7 ýyldan soň ilkinji öz meýdançasynda ýeňiş gazanyp bildi. 16-njy minutda Baryş Alper Ýylmaz penalti gazandy, Wiktor Osimhen urgyny ynamly ýerine ýetirdi. Ondan soň stambul topary janköýerleriniň goldawy bilen «Liwerpula» halas bolmaga mümkinçilik goýmady.

«Çelsi» – «Benfika» 1:0
Žoze Mourinýonyň Londona gaýdyp gelşi ýeňliş bilen tamamlandy. 18-nji minutda Alehandro Garnaçonyň urgusyny «Benfikanyň» goragçysy Riçard Rios şowsuz öz derwezesine geçirtdi. «Çelsi» Joao Pedro gyzyl duýduryş alandan soň azlykda galsa-da, ýeňşi saklap bildi.

«Atletiko» – «Aýntraht» 5:1
Madridliler öňdeligi ir ele aldylar: 4-nji minutda Jakomo Raspadori hasaby açdy, soň Robin Le Norman we Antuan Grizmann (bu oňa klubdaky 200-nji gol boldy) tapawutlandy. Ikinji ýarymda myhmanlar bir gol geçirdi, emma Juliano Simeone bilen Hulian Alwares ýeňşi berkitdiler.

«Pafos» – «Bawariýa» 1:5
"Bawariýa" kiprli topar bilen oýnuň ykbalyny birinji ýarymda çözüp goýdy. Harri Keýn iki gezek tapawutlandy, şeýle hem Rafaeľ Gerreýru we Nikolaý Jekson gol geçirdiler. Ýerli toparyň oýunçysy Mislaw Orşiç bir gol bilen aratapawudy azaltdy, ýöne ikinji ýarymda Maýkl Oli­sse güýçli urgy bilen netijäni 5:1 etdi.

«Inter» – «Slawiýa» 3:0
Italýanlar ynamly çykyşyny dowam etdirýärler. Lautaro Martines iki gol, Denzel Dumfris bolsa bir gol geçirdi.

«Olimpik Marsel» – «Aýaks» 4:0
Marselli topar ilkinji utuklaryny aldy. 11-nji minutda Igor Paişao uzak aralykdan iki gol geçirdi. Soň Meýson Grinwud hasaby 3:0 etdi, ikinji ýarymda Pýer-Emerik Obameýang garşylyklaýyn hüjümi üstünlikli tamamlap, gutarnykly netijäni goýdy.

«Atalanta» – «Brýugge» 2:1
Myhmanlar Hristos Dzolisiň uzakdan urgusy bilen öňe çykdylar. Gutarmagyna 16 minut galanda Lazar Samardjiç penalti urup hasaby deňledi. 87-nji minutda Mario Paşaliç ýeňiş goluny geçirdi we Çempionlar ligasynda klubuň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy (8 gol).

«Bude-Glimt» – «Tottenhem» 2:2
Norwegiýalylar ýeňşi elden giderdiler. Ýer eýeleri birinji ýarymda penaltini dürs ýerine ýetirip bilmediler, ýöne ikinji ýarymda Jens-Petter Heuge iki gezek tapawutlandy. «Tottenhemiň» jogabynda ilki Miki wan de Wen bir gol geçirdi, soň bolsa Arçi Greýiň urgusyndan soň top garşydaşyň goragçysyna degip derwezä girdi.

Şu günki oýunlar
Çarşenbe güni şu duşuşyklar bolar: «Garabag» – «Kopengagen» (Aşgabat wagty bilen 21:45-de), «Union» – «Nýukasl Ýunaýted» (21:45). Ýary gije şu oýunlar başlanar: «Barselona» – «Pari Sen-Žermen», «Arsenal» – «Olimpiakos», «Monako» – «Mançester Siti», «Baýer» – «PSW», «Borussiýa» Dortmund – «Atletik» Bilba­o, «Napoli» – «Sporting» we «Wilýa­re­al» – «Ýuwentus».


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....