“Barselona”, “Real”, “Atletik” we “Atletiko” Jiddada Ispaniýanyň Superkubogynda oýnar

  • 01.10.2025 18:05
  • 8.6k+

2026-njy ýylyň ýanwarynda futbol boýunça Ispaniýanyň Superkubogy ýene-de Saud Arabystanynda geçer. Bu barada Ispaniýanyň patyşalyk futbol federasiýasy (RFEF) habar berdi.

Ýaryş Saud Arabystanynyň çäginde altynjy gezek geçiriler. Jidda şäheri ony eýýäm taryhda üçünji gezek we yzygider ikinji ýyl kabul edýär. Ýene üç gezek oýunlar Er-Riýadda geçirildi.
Ýaryş 7-nji we 8-nji ýanwarda ýarym finaldan başlar, final 11-nji ýanwarda bolar. Bir oýunda “Barselona” bilen Bilbaodan “Atletik”, beýlekisinde Madridiň “Realy” bilen “Atletiko” duşuşar. Ýarym final tapgyrynda oýunlaryň tertibi bije çekilişik arkaly kesgitlener.
Superkubogyň häzirki eýesi “Barselonadyr”. Şu ýylyň ýanwarynda topar Madridiň “Realyny” 5:2 hasabynda utup, öz taryhynda kubogy 15-nji gezek gazandy. 


düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
7.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

08.06.2026 12:42
9.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......