2020-nji ýylda adamzat näçeräk maglumat döretdi?

  • 28.03.2021 22:23
  • 7.9k+

International Data Corporation kompaniýasy 2020-nji ýylda döredilen we göçürilen maglumatlaryň umumy mukdaryny mälim etdi. Bu barada news.rambler.ru habar berdi.

Analitikler döredilýän maglumatlaryň göwrüminiň 2020-nji ýylda çalt ösüp başlandygyny aýtdylar. Olar muny koronawirus pandemiýasynyň uzak aralykdan okatmak we uzak aralykdan işlemek platformalarynyň giňden ösmegine sebäp bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Mundan başga-da, pandemiýa döwründe öz-özüni üzňeleşdirýän adamlar has köp mazmun (kontent) sarp edip başladylar.

Analitikleriň hasaplamalaryna görä, 2020-nji ýylda döredilen maglumatlaryň umumy mukdary 64,2 zettabaýta (1 zettabaýt - milliard terabaýta deň) barabar boldy. Maglumatlaryň 2%-e golaýynyň geljekde ulanmak üçin saklanandygy, köpüsiniň bolsa wagtlaýyn häsiýete eýe bolandygy habar berildi.

Hünärmenleriň bellemegine görä, degişli döwürde «Zatlaryň internetiniň» enjamlarynyň maglumatlar segmenti has çalt ösüpdir. Bu babatda ondan soň sosial hyzmatlar ýerleşýär diýip, çeşme belleýär.

şu gün 10:53
1.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.8k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:53
4k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
3.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......