Gelse Nowruz äleme...

  • 20.03.2021 18:55
  • 15k+

Nowruz türki hem eýran halklarynyň halkara baýramçylygydyr. Ol baharyň, tebigatyň täzelenmeginiň baýramy hökmünde bellenilýär we ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşýän gününe gabat gelýär. Nowruz, esasan, Dagystanda we Merkezi Aziýada, Eýranda, Owganystanda, Makedoniýada, Albaniýada, Türkiýede bellenilýär. Bu ýyl dünýädäki koronawirus ýagdaý sebäpli, köp döwletler bu baýramy bellemegi ýatyrmak ýa-da çäkli görnüşde geçirmek kararyna geldiler.

Özbegistanda ýakynda ýurtda COVID-19 ýokanjynyň sanynyň artyp başlamagyny nazara alyp, baýramçylyk mynasybetli resmi çäreleri geçirmezlik kararyna gelindi. Degişli çözgüt barada Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygyndaky Koronawirusa garşy göreşmek boýunça respublikan topary mälim etdi.

Gazagystanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň sanitariýa we epidemiologiki gözegçilik komiteti respublikanyň raýatlaryny Nowruz baýramyny kiçiräk maşgala bolup bellemäge we ähli aragatnaşyklary mümkin boldugyndan azaltmaga çagyrdy. Gazagystan Nowruz baýramyny 21-23-nji martda bellär, şu ýylyň yza süýşürmelerini we dynç günlerini göz öňünde tutup, respublikanyň raýatlary yzly-yzyna bäş gün, ýagny 20-25-nji mart aralygynda dynç alarlar.
Ýurtdaky epidemiki ýagdaý sebäpli, sanitar-epidemiologiýa gullugynyň işgärleri ähli konsertleri, çykyşlary, sergileri, aýtyskerleriň (şahyr-improwizatorlar) bäsleşigini we beýleki baýramçylyk çärelerini onlaýn görnüşde geçirmegi maslahat berýär.

Täjigistan welin Nowruz baýramyny bellemekden ýüz öwürmedi. Hatda bu baýram mynasybetli dürli çäreleridir ýaryşlary geçirmegi meýilleşdirdi. Ýurduň paýtagtynyň merkezinde Nowruz baýramynyň şanyna ýazyň gelmeginiň baýramçylyk nyşany bolan dünýäde iň uly semeni otly tabak oturdyldy. Onuň beýikligi 30 metr. Bugdaý piramidasy şa Ismoil Samoniniň ýadygärliginiň ýanyndaky “Dusti” meýdançasynda gurnaldy. Gurluşyň diametri 16 metr. Şeýle-de, onuň ýanynda uzynlygy 10 metr we ini 6 metr bolan baýramçylyk desterhany ýerleşdirilýär.
Belläp geçsek, Duşenbede semeni otly tabak eýýäm yzygider ikinji ýyl gurnalýar.
Nowruz baýramynyň şanyna Duşenbe şäherinde milli guştingiri göreşi we at çapyşyklary boýunça ýaryşlar geçiriler. Guştingiri boýunça ýaryşlar 20-21-nji martda geçer. Çapyşyklar 24-nji martda “Nawruzgoh” döwlet edarasynda geçiriler. Çapyksuwarlar “Poýtaht-2021” (“Paýtagt-2021”) Kubogy üçin bäsleşerler.

Gyrgyzystan koronawirus ýokanjy sebäpli, Nowruz baýramyny bellemekligi ýatyrdy. Bu barada Bişkekiň şäher häkimliginiň metbugat gullugy habar berdi. Bişkek şäher häkimliginiň garamagyndaky adatdan daşary epidemiýa we epizotiklere garşy komissiýa şäherde Nowruz baýramyna bagyşlanan köpçülikleýin çäreleri geçirmekden saklanmak kararyna geldi.

Türkmenistanda Milli bahar baýramyny her welaýat we Aşgabat şäheri öz çäklerinde belläp geçerMilli bahar baýramynda – Halkara Nowruz gününde raýatlar 3 günläp dynç alarlar. 21-nji martdaky dynç güni 23-nji martdaky sişenbe gününe geçirildi. Halkara Nowruz baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ajaýyp künjeklerinde köpçülikleýin medeni çäreler guralar. Baýramçylyk mynasybetli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, oba hojalyk önümleriniň we dokma pudagynyň harytlarynyň sergilerini guramak meýilleşdirilýär. Mukamlar köşgünde Milli bahar baýramynyň hormatyna «Parahatlyk bahary» ady bilen baýramçylyk konserti geçiriler.

Ýatlap geçsek, 2009-njy ýylda ÝUNESKO Nowruzy adamzadyň maddy däl mirasynyň sanawyna goşdy. BMG 2010-njy ýylda 21-nji mart Halkara Nowruz güni hökmünde ykrar edilen karary kabul etdi.

şu gün 10:16
1.5k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

şu gün 08:03
2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

düýn 20:06
2.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

düýn 17:05
6.7k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......