Türkmenistan Halkara Nowruz baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde bellär

  • 14.03.2021 15:54
  • 17k+

Şu ýyl Halkara Nowruz baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ajaýyp künjeklerinde köpçülikleýin medeni çäreler guralyp, şolarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, şol sanda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklary, Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty ösdürmekde häzirki döwürde ýeten derejesi öz beýanyny tapar. Baýramçylyk mynasybetli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, oba hojalyk önümleriniň we dokma pudagynyň harytlarynyň sergilerini guramak meýilleşdirilýär. Mukamlar köşgünde Milli bahar baýramynyň hormatyna «Parahatlyk bahary» ady bilen baýramçylyk konserti geçiriler.
 

şu gün 12:50
674

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2025-nji ýylyň dekabrdaky sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2025-nji ýylyň dekabr aýyndaky sany okyjylara ýetirildi. Ilkinji sahypalarda «Täze eser...

şu gün 12:20
1.2k+

Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy

6-njy ýanwarda Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýrak bilen ýurdumyzyň zehinli çagalary — ders olimpiadalarynyň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanylýar...

şu gün 10:31
1.7k+

Critics Choice Awards 2026 baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: iň gowy filmler we seriallar

Pol Tomas Andersonyň Leonardo Di Kaprionyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki «Bir söweşden soň beýleki» filmi 31-nji Critics Choice Awards dabarasynda iň gowy film diýlip ykrar edildi. Film režissýorlyk we adaptirlenen ssenariý üçin hem baýrak aldy diýip, Variety neşiri habar berýär...

düýn 23:52
9.8k+

Fransiýada myhmanhananyň aşagyndan XIV asyra degişli gala tapyldy

Fransiýanyň Wann şäherindäki “Lagors” (Lagorce) myhmanhanasynyň aşagyndan arheologlar 1380-nji ýyllarda Breton gersogy Žan IV tarapyndan gurlan Şato-de-l'Ermin (Château de l'Hermine) köşgüniň galyndylaryny ýüze çykardylar...