Gresiýa aprel aýynda syýahatçylyk möwsümini açmagy meýilleşdirýär

  • 18.03.2021 19:21
  • 4.4k+

Gresiýanyň häkimiýeti Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýeterlik goldaw ýa-da tassyklama bolmasa-da, täze syýahatçylyk möwsümini açmaga taýýarlanýar. Bu barada Euronews habar berýär.

Dürli ýerlerden gelýän myhmanlar ýuwaş-ýuwaşdan we bölekleýin kabul ediler. Aprel aýynda ilatyna işjeň sanjym edilýän Beýik Britaniýanyň, Ysraýylyň we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň dynç almak üçin Gresiýa gelmegine garaşylýar. 14-nji maýdan başlap, sanaw ýene-de uzaldylyp biler.

"Ýurda gelmezinden öň COVID-19-a garşy sanjym alan bolsa, ýa antikorlary bar bolsa (ýagny hassanyň tassyklanan statusy we degişli derňewi bilen şahadatnamasy), ýa-da olaryň PZR synaglary otrisatel netije berse, onda syýahatçylar Gresiýa girip bilerler"-diýip, Gresiýanyň syýahatçylyk ministri Haris Teoharis aýtdy.

Serhetde PZR synaglary bölekleýin geçirilip bilner. Dynç alýanlar sanitariýa kadalaryna we düzgünlerine, şol sanda örtük ​​düzgünine, şeýle hem sosial aradaşlyga boýun bolmaly bolar.
Gresiýanyň çäginde kesel ýüze çykan halatynda, daşary ýurtly syýahatçylar hassahana ýerleşdiriler we bejergi alarlar.

düýn 21:38
4.3k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

düýn 12:02
5.5k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.8k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......