Angliýanyň Futbol Assosiasiýasyna taryhda ilkinji gezek zenan maşgala ýolbaşçylyk eder

  • 13.03.2021 16:54
  • 8.5k+

Beýik Britaniýanyň Korollyk awtoklubunyň öňki ýerine ýetiriji direktory Debbi Hýuit aprel aýynda Angliýanyň Futbol Assosiasiýasyna ýolbaşçy bellenilip biler. 57 ýaşly zenan bu wezipä esasy dalaşgär bolup durýar, diýip «The Times» neşirine salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berýär.

Eger-de Hýuitt bu wezipä bellense, 157 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek iňlis futbol edarasyny zenan maşgala dolandyrar.
Hýuitiň 2030-njy ýyldaky Dünýä çempionatyny geçirmek üçin Angliýa-Irlandiýa bilelikdäki arzasyna ýolbaşçylyk etmegine garaşylýar. Şeýle hem onuň «Liwerpulyň» janköýeridigi bellenilýär.
Assosiasiýanyň täze başlygy geçen ýylyň noýabr aýynda wezipesinden boşadylan Greg Klarkyň ornuna saýlanar.


07.04.2026 20:58
5.7k+

Aaron Remzi sport karýerasyny tamamlaýar

«Arsenalyň» we Welsiň milli ýygyndysynyň öňki ýarymgoragçysy Aaron Remzi futbol karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi....

06.04.2026 23:39
4.5k+

Bernardu Silwa möwsüm tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk eder

«Mançester Sitiniň» ýarymgoragçysy Bernardu Silwa möwsüm tamamlanandan soň klubdan gider. Bu maglumaty toparyň baş tälimçisiniň kömekçisi Hosep Linders «Sky Sports» neşirine beren interwýusynda tassyklady....

02.04.2026 19:36
4.9k+

Iňlis janköýerleriniň 91%-i VAR ulgamyna garşy çykyş etdi

Angliýadaky futbol janköýerleriniň agramly bölegi eminlere wideogözegçilik kömegi ulgamynyň (VAR) ulanylmagyna oňaýsyz baha berýärler. Bu barada Futbol janköýerleriniň birleşiginiň geçiren pikir soraşmasynyň......

01.04.2026 23:41
3.7k+

«Tottenhem» De Dzerbini baş tälimçi belledi. Onuň bilen «uzak möhletleýin» şertnama baglaşyldy

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby Roberto De Dzerbininiň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. Klub italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň «uzak möhletleýin» häsiýete eýedigini......