Gök önümleri arassalamagyň iň netijeli usuly tapyldy

  • 08.03.2021 16:08
  • 17k+

Britaniýanyň Sauthempton uniwersitetiniň barlagçylary geçiren tejribeleriniň netijesinde gök önümleri hapadan we bakteriýalardan arassalamak üçin suw bilen ultrasesden peýdalanmagyň iň netijeli usuldygyny ýüze çykardylar, diýip msn.com ýazýar.

Hünärmenleriň pikiriçe, olaryň synag eden usuly gök önümleriň hatda el ýetmesi kyn ýerlerini-de, şol sanda jaýryklaryny-da arassalap bildi.

"Ses meýdany ýapraklaryň üstünde we ýaryklaryň içinde ýaýraýar, köpürjikleri özüne çekýär. Ses meýdany köpürjikleriň diwarlarynyň gaty çalt titremegine, şeýdibem mikroskopiki "arassalaýjy" maşynlara öwrülmegine sebäp bolýar. Bu, sözüň doly manysynda, ýapraklardaky hapalaryň we patogenleriň iň ownuk bölejiklerini hem ýuwmaga mümkinçilik berýär" diýip, synagyň awtorlary ýazýarlar.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......