Dünýäde milliarderleriň sany rekord derejä ýetdi

  • 04.03.2021 17:43
  • 24k+

Tutuş dünýäde milliarderleriň sany 3228-e ýetdi we bu täze rekord boldy diýlip, her ýyl dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny düzýän Hurun Research Institute guramasynyň hasabatynda aýdylýar. Bu barada lenta.ru belleýär.

Ýer ýüzüniň iň baý adamlarynyň umumy baýlygy, 15-nji ýanwaryň ýagdaýy boýunça, 3,5 trilliondan 14,7 trillion dollara çenli ýokarlandy. 
Hytaý milliarderleriň sany boýunça lider bolmagynda galýar. Eger ABŞ-da 696 milliarder ýaşaýan bolsa, HHR-de (Gonkong, Makao we Taýwan bilen birlikde) 1058 milliarder (bir ýyl mundan öňki bilen deňeşdirilende, 259 san köp) ýaşaýar. Dünýädäki ähli milliarderleriň ýarysyndan gowragy Hytaý bilen ABŞ-nyň paýyna düşýär. Üçünji orunda 177 milliarder bilen Hindistan, dördünji orunda 141 milliarder bilen Germaniýa, bäşinji orunda 134 milliarder bilen Beýik Britaniýa ýerleşýär.
Pekin geçen ýylyň jemi boýunça “milliarderleriň dünýä paýtagty” derejesini saklady, bu ýerde baýlygy 1 milliard dollardan gowrak bolan 145 adam ýaşaýar, ikinji orunda Şanhaý – 113, üçünji orunda – Nýu-Ýork – 112, onuň yzyndan Şençžen (105), London we Gonkong (hersinde 82), Moskwa (68) gelýär.
Şeýle-de, zenan milliarderleriň sanynyň 231-e çenli ýokarlanandygy bellenilýär, olaryň 60%-den gowragy Hytaýda ýaşaýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......