Lebap welaýatynda söwda we okuw merkezleri işläp başlady

  • 02.03.2021 15:32
  • 22k+

1-nji martdan başlap, Lebap welaýatyndaky iri söwda merkezleriniň üçüsi we bir sany okuw merkeziniň işi gaýtadan dikeldildi.

«Türkmen gündogary» gazetinde çap edilen bildirişde şeýle diýilýär:

«Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2021-nji ýylyň 28-nji fewralynda geçiren mejlisiniň kararyna laýyklykda 2021-nji ýylyň mart aýynyň 1-inden welaýat Köpugurly söwda bazary, Türkmenabat şäherindäki «Lebap» dynç alyş we söwda merkezi we Kerki şäherindäki Kerki etrap alyjylar jemgyýetine degişli «Altyn asyr» bazary açylyp, işe başlady. Şeýle hem Türkmenabat şäherindäki «Rowaç» tölegli okuw merkezleriniň işe başlandygyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris».

Mundan öň, Aşgabat ― Türkmenabat ― Aşgabat ugry boýunça hepdede bir gezek demir ýol gatnawynyň açylandygyny habar beripdik.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......