Türkmenistanda demir ýol gatnawlary bölekleýin dikeldilýär

  • 01.03.2021 23:55
  • 66k+

7 aýlyk arakesmeden soňra, Türkmenistanda demir ýol gatnawlary bölekleýin ýagdaýda dikeldilip başlandy.

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berşi ýaly, gatnawlar hepdede bir gezek Aşgabat ― Türkmenabat we Türkmenabat ― Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylar.
Saýtdaky maglumatda hem görkezilişi ýaly, otly Aşgabatdan Türkmenabada her hepdäniň çarşenbe güni ýola düşer. Penşenbe güni bolsa ol yzyna ― Türkmenabatdan Aşgabada ugrar.
Jemgyýet welaýatlara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň şu ýylyň 1-nji apreline çenli uzaldylandygyny habar berdi.
Biletler häzirki wagtda diňe kassalarda satylýar.

şu gün 12:00
801

“Juda geň işleriň” 5-nji möwsümi iňlis dilindäki seriallaryň arasynda Netflix-iň rekordyny goýdy

“Juda geň işleriň” (Stranger Things) bäşinji möwsümi Netflix-de iňlis dilindäki seriallaryň arasynda täze tomaşaçy rekordyny goýdy. 26-njy noýabrda çykan soňky möwsümiň ilkinji dört bölümine bir hepdäniň içinde 59,6 million gezek tomaşa edildi diýip, Deadline neşiri ýazýar...

şu gün 11:54
718

Runway “kinematografik hildäki” HD wideo generatoryny görkezdi: ol şolbada Veo 3 we Sora 2 Pro-den geçdi

Runway emeli aň tarapyndan döredilen wideolaryň hakykata golaýlygyny täze derejä çykarýan Gen 4.5 modelini hödürledi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Täze generator dessine "Artificial Analysis"-iň "Video Arena" atly, tekst beýanyndan wideo döretmäge niýetlenen EA modelleriniň reýtinginde Google Veo 3 we OpenAI Sora 2 Pro ýaly esasy bäsdeşlerinden öňe geçip, birinji orny eýeledi...

şu gün 11:36
914

Londonly suratkeş şäher ilaty bilen geçirilen audio söhbetdeşlikleri maglumat merkeziniň öň tarapyny bezeýän nagşa öwürdi

Suratkeş Rafael El Baz Londonyň bir etrabynyň ýaşaýjylary bilen geçirilen söhbetdeşlikleri täze maglumat merkeziniň (data-center) öň tarapyny bezeýän uly göwrümli nagşa öwürdi. Bu barada Bi-bi-si habar berýär. El Baz Park-Roýal sebitindäki daş-töweregiň seslerini, şeýle hem ýerli ýaşaýjylar we telekeçiler bilen bolan 120 audio söhbetdeşligi ýazga aldy...

şu gün 09:26
3.5k+

Aşgabatda awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler

Aşgabat şäheriniň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 9-12-nji dekabr aralygynda Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler...