Merilin Monronyň pasport suraty 21 müň dollara satyldy

  • 16.07.2025 06:37
  • 9.3k+

Bostondaky RR Auction auksionynda Merilin Monronyň 70 ýyl ozalky suraty 21 müň dollara satyldy. Surat 1954-nji ýylyň ýanwarynda aktrisanyň we onuň şol wagtky adamsy, beýsbolçy Jo Di Majionyň Ýaponiýa gezelenjinden öň pasport almak üçin ulanyldy.

Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, 5×6 sm ölçegli surata Monro gyzyl syýa bilen gol goýupdyr: “Jenap Boldsa, minnetdar we iň ýagşy dileglerim, Merilin Monro Di Majio”. Gol resminamalary taýýarlamaga kömek eden San-Fransiskodaky federal ofisiniň işgärine gönükdirilýär.
Pasport bölümine baran wagty, aktrisanyň gerekli ölçegdäki suratynyň ýokdugy belli bolýar. Di Majio golaýdaky awtomatda “Jentlmenler blondin gyzlary saýlaýar” filminden kadryň birnäçe nusgasyny alýar. Bir nusgany Monro işgäre ýadygärlik hökmünde sowgat berýär.

Pasport üçin arzada ol “Norma Jin Di Majio” adyny görkezýär we gyssagly aragatnaşyk üçin Di Majiony goşýar.
Ýaponiýa gezelenç wagty olar iş tabşyryklaryny hem ýerine ýetirýär: Monro fewralda amerikan harbylarynyň öňünde çykyş etmek üçin Koreýa ugraýar, Di Majio bolsa beýsbol toparlary bilen maslahat geçirýär.


Di Majio Monronyň üç adamsyndan ikinjisidir. Ondan öň Monro polisiýa işgäri Jeýms Doerti, soňra dramaturg Artur Miller bilen durmuş gurdy. Soňkusy bilen 36 ýaşda ölmezinden ozal aýrylyşdy.

şu gün 22:13
4

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
9

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......