Samsung gulakhalka we monjuk görnüşinde akylly gajetleri çykarar

  • 16.07.2025 06:41
  • 3.4k+

Samsung kompaniýasy dakylýan akylly gurluşlarynyň hataryny diňe bir sagatlar we ýüzükler bilen çäklendirmek islemeýär. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi bu hatara täze gurluşlary – äýnekleri, gulakhalkalary we monjuklary hem goşar diýip, Samsung-yň mobil bölümçesiniň operasion müdiri Won-jun Çoýa salgylanyp, CNN habar berýär.

“Biz gajet ýanyňda götermez ýaly bolmaly diýip hasaplaýarys. Şonuň üçin bu äýnek, gulakhalka, sagat, ýüzük we geljekde, ähtimal, monjuk bolup biler” – diýip, CNN Çoýuň sözlerini getirýär.

Şeýlelikde, kompaniýa ulanyjylara smartfonsyz sanly gurşaw bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanmagyny tassyklaýar. Bu heniz ýylyň başynda yglan edilen strategiýanyň dowamy boldy. Şol wagt Samsung Google bilen bilelikde akylly äýnegiň üstünde işleýändigini aýtdy.
Maý aýynda Korea Economic Daily koreý neşiri Samsung-yň AR äýnekleri üçin mikrodispleý döredýändigini habar berdi.
Geçen ýyl bolsa kompaniýa fitnes-trekinge gönükdirilen ilkinji akylly ýüzügini hödürledi.
Täze gurluşlaryň çykjak wagty barada maglumat ýok. Ýöne ýolbaşçylygyň sözlerine we KHBS habarlaryna görä, Samsung innowasion çözgütleriň hasabyna dakylýan gurluşlaryň bazaryndaky ornuny çynlakaý berkitmek isleýär.


12.05.2026 14:43
7.2k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...