Apple alty ýylyň içinde 100 töweregi kompaniýany satyn aldy

  • 25.02.2021 23:58
  • 8.1k+

Apple soňky alty ýylyň içinde 100 töweregi startap (başlangyç) satyn aldy diýip, Tim Kuk kompaniýanyň paýdarlarynyň ýyllyk ýygnagynda aýtdy. Täze söwda her üç-dört hepdeden bolýar. Kukuň aýtmagyna görä, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Apple 111,4 mlrd dollar gazandy we bu görkeziji kompaniýanyň tutuş taryhynyň dowamynda rekord boldy diýip, incrussia.ru habar berýär.

Kompaniýanyň soňky on ýylda iň uly söwdasy 3 mlrd dollara Beats Electronics-i satyn almagy boldy. Bu repçi we prodýuser Dr. Dre tarapyndan esaslandyrylan gulaklyklaryň önümçiligi boýunça başlangyçdyr. Ýene bir uly söwda 2018-nji ýylda 400 mln dollara Shazam kompaniýasynyň satyn alynmagy boldy.
Apple tehnologiýa we zehin edinmek bilen gyzyklanýar. Kompaniýa tehnologiýa başlangyçlaryny satyn alýar we olaryň innowasiýasyny öz önümlerine ornaşdyrýar. 
Apple-iň söwda we maýa goýum sanawy dürli-dürli. 2020-nji ýylda kompaniýa emeli intellekt ugrundan birnäçe kompaniýalary, wirtual hakykatynyň kömegi bilen çäreleri gurnamak boýunça başlangyjy, töleg hyzmatyny we podkastlar bilen meşgullanýan kompaniýany satyn aldy. 2019-njy ýylda Apple sürüjisiz awtobuslaryň önümçiligi boýunça Drive.ai başlangyjyny satyn aldy.
Apple – bahasy 2 trln dollardan gowrak bolan örän girdejili kompaniýa. Ol alty ýylyň içinde 100 kompaniýa satyn alsa-da, näme satyn almalydygyny saýlap alýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......