Britan kompaniýalary Türkmenistan üçin ýörite tehnikalary we enjamlary getirmäge gyzyklanma bildirýär

  • 19.02.2021 17:12
  • 11k+

18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň arasynda söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Esasan «JCB Sales Limited» kompaniýasynyň wekillerinden ybarat bolan britan wekiliýetine Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösüş depginine oňyn baha berdiler. Türkmen tarapy üçin ýörite tehnikalaryň we enjamlaryň getirilmegine gyzyklanma bildirýän «JCB Sales Limited» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylmagy gepleşikleriň esasy temasy boldy.
Şonuň ýaly-da, maýa goýum meseleleri hem-de bilelikdäki taslamalaryň beýleki ugurlary dogrusynda hem pikirler alşyldy.

şu gün 15:42
505

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

şu gün 15:39
514

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
6k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......