Her gün şokolad iýmek üçin 8 sebäp

  • 14.02.2021 23:14
  • 29k+

Her gün şokolad iýmegiň zyýanlydygy baradaky ynançlar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarys. Adamlar muny dişler agyrar, süýji keseli peýda bolar diýen ýaly gorkular bilen baglanyşdyrýarlar. “Times of India” abraýly hindi gazeti şokoladyň zyýany baradaky ynançlary inkär edýän makalany çap etdi. Onda şokoladyň her gün çäkli mukdarda iýilmeginiň 8 sebäbi aýdylýar.

1. Ýokumly maddalara baý
Düzüminde kakao köp bolan gara şokolad aýratyn ýokumly hasap edilýär. Onda fosfor, kaliý, mis, magniý, demir, sink, şeýle hem köp mukdarda ýag bar. Şol sebäpden, sarp edilýän şokoladyň mukdaryny çäklendirmeli.
2. Gan basyşyň peselmegine kömek edýär
Şokoladyň düzümindäki Flawanollar gan damarlarynyň diwarlarynyň içki gurşawyny gowy stimulirleýär. Ýagny azot oksidiniň öndürilmegi bilen arteriýalar "rahatlanýar". Netijede, gan basyşy peselýär.
3. Insult we ýürek agyry howpuny azaldýar
Eger sizde ýürek ýetmezçiligi bar bolsa, her gün 19-30 gram şokolad iýmeli. Kakao ganyň düzümindäki holesterine täsir edýär.
4. Iç ýellenme ýagdaýyny peseldýär
Şokolad - edil iç ýellenmä garşy ýörite serişde ýaly. Onuň düzüminde kakaonyň bolmagy içegelerdäki bakteriýa ösüntgilerini kadalaşdyrýar.
5. Derini güne ýanmakdan goraýar
Şokolad derini çişmekden goraýar, ony nemlendirýär, dermadaky gan aýlanyşyny gowulandyrýar we güne ýanma garşy göreşýär.
6. Beýniniň işjeňligini artdyrýar
Flawanol adamyň beýnisiniň işleýşini gowulandyrýar. 5 gün yzly-yzyna azajykdan iýilende, şokolad beýnä ganyň barşyny has işjeňleşdirýär, ýady gowulaşdyrýar.
7. Şähdiňi açýar
Hakyky şokoladyň düzüminde bolýan kakao dopamin we serotonin bagt gormonlarynyň öndürilmegine itergi berýär.
8. Süýji keseliniň alamatlaryny azaldýar
Şokolad yzygiderli iýilende 2-nji görnüşli süýji keseliniň alamatlaryny kadalaşdyrmaga ýardam edip biler. Bu babatda lukmanyň maslahatyny almak has dogry bolar.
Ýeri gelende bellesek, alymlar 30-60 gram gara şokoladyň (bu iň peýdaly şokolad hasaplanýar) saglygy gowulaşdyrýandygyny öňe sürýärler.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......