Coca-Cola içgilerini täze görnüşde satyp başlar

  • 14.02.2021 16:52
  • 32k+

Coca-Cola şu tomus içgileri üçin kagyz çüýşesini synagdan geçirer diýip, BBC ýazýar. Bu synag kompaniýanyň plastik gaplamalary düýbünden ýok etmäge synanyşygynyň ýene bir ädimi bolar. Bu barada incrussia.ru habar berýär.

Inçejik plastik içligini saklaýan kagyz çüýşäniň prototipi Daniýanyň Paper Bottle Company (Pobaco) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Onuň esasy maksady gazlandyrylan içgilerden gazyň syzmagynyň öňüni alyp biljek plastiksiz 100% gaýtadan işlenýän çüýşäni döretmekdir.
Çüýşe düzüm bölekleriniň suwuklyga düşmezligi üçin ýeterlik derejede berk bolmaly, sebäbi bu içginiň tagamynyň üýtgemegine we howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagyna getirip biler. Çüýşäni taýýarlanda Pobaco ony döretmek üçin zerur bolan kagyzyň maýyşgak bolmalydygyny göz öňünde tutdy – bu dürli brendler üçin dürli görnüşli we ölçegli çüýşeleri öndürmäge mümkinçilik berer. 
Kompaniýa çüýşäni şu tomus synagdan geçirmäge taýýar. Tejribä ilkinji gatnaşyjy Coca-Cola bolar, ol Adez içgisini Pobaco-dan iki müň çüýşä guýar. Olar Wengriýadaky ownuk söwda ulgamy arkaly ýaýradylar.
Öň, Coca-Cola, PepsiCo we Nestle-niň planetany plastik bilen hapalamak boýunça dünýä lideri bolandygy habar berildi. 15 müň töweregi meýletinçi 55 ýurtda taşlanan plastmassany tapyp, onuň düzümini seljerdiler. Coca-Cola önümlerinden galyndylar 55 ýurduň 51-sinde ýüze çykaryldy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......