Hytaýlylar Aý senenamasy boýunça Täze ýyly garşy aldylar

  • 12.02.2021 16:04
  • 8.7k+

Tutuş dünýäde tas 1,5 mlrd-a golaý hytaýly penşenbeden anna geçilen gije Aý senenamasy boýunça Ak metal öküziň nyşany bilen geçiriljek Täze ýyly garşy aldylar. TASS agentliginiň habar bermegine görä, bu ýyl HHR-iň ilatynyň aglabasy Täze ýyl gijesini öýde geçirdiler: şowhunly dabaralar, restoranlara we gezelenç etmäge gitmek koronawirus sebäpli soňa goýuldy. 

Täze ýyl agşamynyň ýa-da hytaýlylaryň atlandyryşy ýaly Çunsze (Bahar baýramy) gününiň esasy şagalaňlarynyň biri Merkezi telewideniýede ýaýlyma berlen “Çunwan” dabaraly konserti boldy. Ýerli wagt bilen 20:00-dan açyk reňkli eşikleri geýen alyp baryjylar ýarygijä çenli wagty hasapladylar. 
Çunsze baýramçylygynyň bassyr ikinji ýyl pandemiýa zerarly bozulandygyna garamazdan, hytaý ýaşaýjylary umydyny ýitirmän, täze ýylda öküziň goldawyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Hytaý medeniýetinde bu jandar amaly we ylahy ýörelgäniň arasyndaky deňagramlylygyň nyşany hasaplanýar, ol, köplenç, hytaý suratlarynda şekillendirilýär. Iň giňden ýaýran sýužetleriň biri hem gerşinda agaç tüýdük çalýan çaga oturan öküzdir. Hytaýlylar bu suratda öküziň özünde yhlasy we altruizmi jemleýändigini aýdýarlar.
Täleýnama görä, Ak metal ýyly özi bilen üýtgeşmeleri getirer. Bu, aýratynam, gündogar senenamasy boýunça Geçi ýylynda doglanlara degişlidir. Täze ýyl 12-nji fewralda başlady we 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda tamamlanar.

şu gün 00:07
466

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
359

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
881

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
590

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....