Britan alymlary gündelik zerur bolan ädim sanyny anykladylar

  • 11.02.2021 16:34
  • 13k+

Alymlar bir günde iň amatly ädim sanyny kesgitlediler.

Inforeactor.ru portalynyň habar bermegine görä, günde 10 müň ädim saglygy berkitmäge kömek etmek üçin zerur mukdar hasaplanýar. Ýöne bu norma 1965-nji ýylda Ýaponiýada satylan Yamasa Clock kompaniýasynyň ädim hasaplaýjysynyň kömegi bilen ýüze çykdy. Gajet terjime edilende “metrde on müň ädim” diýmegi aňladýan “Manpo-keý” adyny göterýär. 
Geçirilen barlaglaryň birnäçesi günde 10 müň ädimiň ýüregi berkitmäge, süýji keseliniň howpuny peseltmäge we psihiki saglygy gowulandyrmaga kömek edýändigini görkezdi.
Ýöne Harward lukmançylyk mekdebiniň hünärmenleri aýallarda ölüm howpuny azaltmak üçin günde 4 müň ädim ýeterlik diýip hasaplaýarlar. Alymlaryň hasabyna görä, peýda getirip biljek iň ýokary ädim sany 7500. Synaga gatnaşyjylara gözegçilik etmegiň esasynda bir günde 7500 ädimden köp ýöränleriň ondan birneme az ädim geçýänlerden goşmaça artykmaçlygynyň ýokdugy anyklanyldy. Alymlar ýöremek bedeniň sagdynlygyny saklamak üçin möhüm diýip hasaplaýarlar, sebäbi hereketsiz durmuş ýörelgesi ölüm howpuny 59% ýokarlandyrýar.
Her günki fiziki agramy ýokarlandyrmak üçin alymlar adatdakysyndan iki müň ädim köp ýöremegi maslahat berýärler.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......