Berhiz lukmany hurmanyň peýdaly we zyýanly häsiýetlerini aýtdy

  • 09.02.2021 15:15
  • 16k+

Berhiz lukmany Tatýana Razumowskaýa hurmanyň adam bedeni üçin peýdaly hem zyýanly taraplary barada aýtdy diýip, mamadysh-rt.ru belleýär.

Lukmanyň aýtmagyna görä, hurma damarlary gurplandyrýar, holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar, damarlary rahatlandyryp, gan basyşyny aşakladýar. Miwe gipertoniýa keselli adamlar üçin has peýdalydyr. Bir ortaça miwe ýoduň gündelik dozasyny üpjün edip bilýär.
Ýöne hurmanyň sowuklama kesellerine garşy göreşde kömek edýän beta-karotiniň, magniýniň, kaliýniň, demriň we B witaminleriniň baý çeşmesidigine garamazdan, ol adamyň saglygyna zyýanly täsir edip bilýär.
Uly adama günde bir miwäni iýmek ýeterlikdir. Sebäbi hurmada kaloriýanyň azdygyna garamazdan, köp mukdarda glýukoza we fruktoza saklanýar. Şonuň üçin süýji keselinden ejir çekýän adamlar süýji miweden seresap bolmaly. Onuň iýilmegi insulini ep-esli ýokarlandyryp biler. Ony galkan şekilli mäz keseline duçar bolan adamlara iýmek maslahat berilmeýär.
Şeýle-de, hurmany böwrekde daş we peşew haltasynda näsazlyk bolan ýagdaýynda aşa köp iýmeli däldir. Miwäni dok garna iýmek gowy, ýogsam hurma ýellenmä we diareýa getirip bilýär.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......