Microsoft kapitallaşdyrmasy boýunça Saudi Aramco-dan öňe geçdi

  • 06.02.2021 18:58
  • 3.7k+

Birža söwda maglumatlaryna görä, Microsoft kompaniýasy saudlaryň Saudi Aramco kompaniýasyndan öňe geçip, bazar kapitallaşdyrmasy boýunça dünýäde ikinji ýere çykdy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Çarşenbe güni agşam Microsoft-yň paýnamalary 1,2 % - her gymmat bahaly kagyz üçin 242,4 dollar gymmatlady. Kompaniýanyň bazar kapitallaşdyrmasy bolsa 1,828 trilliona ýetdi.
Dünýädäki iň gymmat üç kompaniýanyň arasynda birinji orny “Apple” korporasiýasy eýeleýär, onuň kapitallaşdyrmasy iki trillion dollardan geçýär. Geçen ýylyň sentýabr aýynda “Apple” öňdebaryjylygy gysga wagtlyk Saudi Aramco kompaniýasyna geçirdi, ýöne soňlugy bilen ýene-de birinji orna gaýdyp geldi.

düýn 20:25
2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......