Türkmenistan ESKATO bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

  • 05.02.2021 14:09
  • 6.3k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministriniň BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESKATO) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi babatynda ygrarlylygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Şunlukda Merkezi Aziýa we ýanaşyk sebitleriň ýurtlarynda durmuş-ykdysady we ekologiki ugurly meseleleriň çözgüdinde türkmen tarapynyň ESKATO bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boýunça başlangyçlarynyň toplumy beýan edildi. 
Pandemiýa bilen baglylykda dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýlar ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn mowzugyna öwrüldi. Türkmenistanyň epidemiýanyň ykdysady, durmuş we maliýe netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy bellenilip geçildi.
Duşuşykda Howpsuz, kadalaşdyrylan we kanuny migrasiýa hakyndaky Global şertnamany (MGŞ) nazara almak bilen bilelikdäki hereketler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli derejede durmuşa geçirilýän migrasiýa ulgamyndaky Türkmenistanyň anyk hereketleri beýan edildi.

şu gün 00:07
718

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
529

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.1k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
790

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....