“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” medalynyň şekil taslamasy makullanyldy

  • 29.01.2021 08:09
  • 8.5k+

Alabaý itleriniň bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňijä gowşuryljak “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” medalyň şekil taslamasy makullanyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow medalyň Düzgünnamasyny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.

Şekil taslamalarda sekizburçlugyň içinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen ýazgy aýlaw görnüşde ýerine ýetirilipdir we onuň aşagynda 2021 diýen ýyl ýazgysy ýerleşdirilipdir. Medalyň ýüz tarapyndaky bu görnüşleriň merkezini alabaýyň şekili bezeýär.
Medalyň arka tarapynda aýlaw görnüşde “Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy” diýen ýazgy bar. Onuň merkezinde bolsa Ýer togalagynyň şekiliniň ýüzünde türkmen alabaýynyň kellesi — bu assosiasiýanyň nyşany ýerleşdirilipdir. Medal alajalar bilen berkidiler.

şu gün 14:15
540

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

şu gün 10:36
2.2k+

Daniýada gaýtadan işlenen materiallar ulanylyp, ýurduň iň beýik agaç binasy guruldy  

Daniýanyň Orhus şäherinde 78 metrlik TRÆ diňiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Daniýanyň iň beýik agaç desgasy we dünýäde iň beýik binalaryň biridir....

şu gün 10:05
3.4k+

Näme üçin aýallar ulag heläkçiliklerinde erkeklere garanyňda has ýygy-ýygydan şikes alýar?

Awstriýanyň Gras tehniki uniwersitetiniň Ýol ulaglarynyň howpsuzlygy institutynyň geçiren gözlegleri aýallaryň ýol-ulag hadysalarynda erkeklere garanyňda 1,6 esse köp ýagdaýda şikes alýandygyny görkezdi....

düýn 22:44
3.9k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....