Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy

  • 26.01.2021 12:50
  • 16k+

25-nji ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy.

Ir bilen Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniiň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.
Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyza Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, toplumyň çäginde bina edilýän desgalar we olaryň aýratynlyklary, aýratyn-da, bu ýerde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler barada hasabat berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde gurulýan sebitde iri Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýagdaýlardan ugur alyp, şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi, munuň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýdyp şäher häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça guran iş saparynyň dowamynda şäheriň işewürlik we durmuş ulgamyna degişli merkezleriň kemala gelen ýeri bolan günorta künjegine geldi. Ýolugra milli Liderimiz paýtagtymyzyň günorta künjegindäki şaýoluň ugrunda bina edilen “Ak öý” awtobus duralgasynyň ýanynda saklandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hyzmatdaşlygynyň we Türkmenistanda maýa goýum syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýan gurluşyklary synlady. Şäheriň günorta künjeginde bina edilýän “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň täze binasynyň gurluşygynda işler bellenilen meýilnama laýyk derejede alnyp barylýar.
Soňra milli Liderimiz “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň gurulýan ýerine tarap ugrady.
Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça guralan iş saparynyň jemini jemläp, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň, olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany ýolugra “Nusaý” diýlip atlandyrylýan awtobus duralgasynyň ýanynda saklandy. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde şäher ilatynyň ulag üpjünçilik meselelerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

düýn 23:40
2.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri baradaky Permana gol çekdi

2026-njy ýylyň 16-njy martynda Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Oraza baýramyny bellemek we Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

düýn 23:36
872

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler...

düýn 22:47
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk günleri bazarlarda haryt bolçulygyny üpjün etmegi tabşyrdy

16-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Duşuşykda möwsümleýin oba hojalyk işleri we sebitlerdäki häzirki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

düýn 19:40
2.9k+

ÝB ýurtlarynda çaga dogluşy soňky 60 ýylda iň pes derejä düşdi

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda 2024-nji ýylda çaga dogluşynyň umumy koeffisienti her aýal üçin 1,34 çaga deň boldy — bu soňky alty onýyllygyň içinde iň pes görkezijidir. Deňeşdirmek üçin, 1964-nji ýylda bu görkeziji 2,62-ä deňdi...