Jozef Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti wezipesine girişdi

  • 21.01.2021 07:25
  • 13k+

ABŞ-nyň 46-njy prezidenti Jozef Baýdeniň kasam kabul ediş dabarasy çarşenbe güni Kapitoliý basgançagynda geçirildi. Ol konstitusiýa we ýurda wepalylyk kasamyny berdi.

“Men, Jozef Robinett Baýden – kiçi, Birleşen Ştatlaryň prezidenti hökmünde dogruçyl hereket ederin we ähli güýjüm bilen Birleşen Ştatlaryň Konstitusiýasyny goraryn we goldaryn diýip kasam edýärin. Maňa Hudaý ýardam etsin” – diýip, ol çep elini aýaly Jill Baýdeniň saklap duran Injiliniň üstünde goýup, däp bolan kasamy aýtdy. 
“Meniň gutlagymy kabul ediň, jenap Prezident” – diýip, onuň öňünde duran we kasamy kabul edýän ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Jon Roberts aýtdy. Baýden 127 ýyl bäri maşgalasyna degişli bolan Injilden kasam etdi.

Kasam kabul ediş dabarasyna ýurduň eks-prezidentleri Bill Klinton, Jorj Buş – kiçi we Barak Obama, şeýle-de Endrýus harby bazasyndaky Donald Trampyň hoşlaşyk dabarasyna gatnaşmadyk öňki wise-prezident Maýkl Pens gatnaşdy. Donald Tramp öňden bäri dowam edip gelýän däpleri bozup, dabara gatnaşmady, ol irden maşgalasy bilen Florida ştatyndaky mülküne gitdi.
Baýdeniň kasamyndan soň 21 sany artilleriýa topunyň zalpy Kapitoliý depesinde ýaňlandy. Birnäçe minut öň, däp-dessurlara laýyklykda, ABŞ-nyň 56 ýaşly wise-prezidenti Kamala Harris kasam etdi. Şeýlelik bilen, günortan Baýdeniň administrasiýasynyň dört ýyllyk möhletiniň hasaby başlandy.

düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......