Netflix 2021-nji ýylda 71 filmiň çykjakdygyny mälim etdi

  • 19.01.2021 16:07
  • 6.5k+

Netflix striming platformasy 2021-nji ýyldaky film meýilnamasyna laýyklykda, her hepde täze film çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada rueconomics.ru habar berdi.

“YouTube”-daky deslapky synda öňde boljak premýeralardan alnan suratlar ýerleşdirilipdir. Olaryň arasynda Zak Snaýderiň eýýäm baýraga mynasyp bolan "Ölüleriň goşuny" atly horror filmi, Raýan Reýnoldsyň baş keşbi janlandyrmagynda "Gyzyl bildiriş" uruşganly filmi we Leonardo Di Kaprionyň Jennifer Lawrens bilen baş keşbi janlandyran "Ýokaryk seretme" filmi bar.
Kino tankytçylary Netflix-iň täze ýyly “giň gerimde” başlaýandygyny aýtdy. "Bankr"-yň hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, amerikan film hyzmaty öz kontentini döretmek üçin, takmynan, 19 milliard dollar sarp eder. Şeýle çykdajylar wideo striming bazarynda öňdebaryjy orny saklamak islegi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup durýar.

düýn 13:07
2.5k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....