Huawei sürüjisiz ulaglar bilen "gürleşýän" ýol döredýär

  • 16.01.2021 08:27
  • 6.2k+

Hytaýda sürüjisiz dolandyrylýan ulaglar bilen işlemek üçin döredilen akylly ýoluň synag bölümi tejribede barlanyp görülýär. Huawei-iň bu babatda alyp barýan işleri hakynda “Bloomberg” habar berýär.

Huawei Hytaýyň Jiangsu welaýatynda dört kilometrlik synag ýolunyň üstünde işleýär. Bu ýoldan sürüjisiz dolandyrylýan awtobuslar gatnar. Bu ýolda enjamlar ulagyň ýagdaýy barada diňe bir bort ulgamyndan däl, eýsem, datçiklerden, kameralardan, radarlardan we beýleki enjamlardan hem maglumat alýarlar. Bu enjamlar ýolda, swetoforlarda we köçe belliklerinde ýerleşdirilipdir. Ulgam sürüjisiz dolandyrylýan uçar bilen hemişe "aragatnaşykda" bolar.
Akylly ýol taslamasy Hytaýda milli derejede goldanýan maksatnama bolup durýar. Hytaýyň hökümeti şeýle infrastrukturany ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we onuň netijeliligini artdyrmak üçin ulanmagy maksat edinýärler. Şeýle hem Hytaý 2025-nji ýyla çenli belli bir derejede gözegçilik awtomatizasiýasyna eýe boljak ulaglaryň 50 göterimine çenli satmagy meýilleşdirýär.

şu gün 00:18
518

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.6k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....