Şu ýyl Daşoguzda medeni-durmuş maksatly desgalaryň giň toplumy açylar

  • 14.01.2021 12:46
  • 11k+

Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada aýdyp, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň gurluşygynyň barşy, onda ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri, şeýle hem Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň we şäheriň Görogly köçesiniň ugrunda 15 sany ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary barada giňişleýin maglumatlary habar berdi. Bu desgalardaky gurluşyk işleri kesgitlenen tertipnama laýyk derejede dowam edýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, dürli maksatly desgalary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Bellenilen işler bilen bir hatarda şanly sene mynasybetli medeni köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamak meselesine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

düýn 23:54
729

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
772

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
570

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.4k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....