Haýsy gan toparyndaky adamlar has uzak ýaşaýar?

  • 14.01.2021 13:48
  • 43k+

Adamyň saglygyna onuň nähili iýmitlenýändigi, fiziki işjeňligi we, elbetde, genetiki gaznasynyň aýratynlyklary täsir edýär. Edil şonuň ýaly, adam saglygy onuň gan toparynyň görnüşi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu barada cursorinfo.co.il ýazýar.

Ganyň topary saglyk barada köp zady aýdyp biler. Meselem, birinji gan toparyna eýe adamlaryň ýürek we gan damarlarynyň kesellerine uçramak ähtimallygy beýlekilere görä azdyr. Şeýle hem, bu gan topary başga-da birnäçe kesellerden goraglydyr. Şonuň üçin hem birinji gan toparyna uzak ýaşaýanlaryň gan topary hem diýilýär.
Ikinji gan toparyna eýe adamlar barada aýdylanda bolsa, olar, köplenç, endokrin ulgamynyň kesellerinden we süýji keselinden ejir çekýärler. Şeýle adamlar, köplenç, özlerini argyn duýýarlar we stres hem-de wirus kesellerine garşy gaty ejiz bolýarlar.
Üçünji gan topary bolan adamlarda, köplenç, radikulit bolýar, dördünji gan toparlylarda bolsa ýürek-damar keselleriniň howpy uly bolýar.
Dördünji gan topary bolanlar käwagt dogabitdi ýürek kemçiligi bilen dogulýarlar. Şeýle-de bolsa, bu gan toparynyň eýeleri ýokanç keseller bilen seýrek keselleýärler.

düýn 07:29
2.5k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......