Dünýäniň iň öndürijilikli smartfonlarynyň reýtingi täzelendi

  • 11.01.2021 23:32
  • 13k+

“AnTuTu” smartfonlaryň ýene bir reýtingini taýýarlady. Bu gezek meşhur bençmark dünýäniň iň öndürijilikli smartfonlarynyň sanawyny tanyşdyrdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Şeýlelikde, 657 784 utuk toplan Huawei Mate 40 Pro dünýä reýtinginiň öňüni çekdi. Bu smartfonyň “Kirin 9000” prosessory bilen işleýändigi mälimdir.
Reýtingde ikinji ýeri 646 016 bal bilen iQOO Neo3 eýeledi, Asus ROG Phone 3 bolsa 630,307 utuk bilen ilkinji üçlügi jemledi.

Şeýle hem sanawda Oppo Find X2, Galaxy Note20 Ultra 5G, OnePlus 8 Pro, Xiaomi Mi 10T Pro 5G, Black Shark 3, Galaxy S20 FE 5G we Poco F2 Pro ýaly smartfonlara orun berildi.
Öň Tmcars.info Google Pixel 4a smartfonynyň 2020-nji ýylyň iň berk telefony hökmünde ykrar edilendigini habar beripdi. Bu reýtingde OnePlus Nord smartfony ýylyň iň çydamsyz smartfony diýlip hasap edilipdi.

düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......