2020-nji ýylyň iň berk smartfony belli edildi

  • 06.01.2021 23:36
  • 19k+

Belli wideobloger-smartfonlary synagdan geçiriji Zak Nelson netijeleri jemläp, 2020-nji ýylyň iň berk modellerini belli etmek kararyna geldi. Bu barada ferra.ru habar berýär. Adatça, Nelson satuwa çykýan mobil bazarynyň täze önümlerini çyzýar, olary egreldýär we hatda otlaýar.

Şeýlelikde, awtoryň synaglarynyň netijeleri boýunça geçen ýylyň iň berk smartfony Google Pixel 4a, çydamsyz smartfony OnePlus Nord boldy.
Bulardan başga-da, bloger abatlaýyş işine ýaramlylygy boýunça-da geçen ýylky täze önümlere baha berdi. Bu hil boýunça öňdebaryjy Google Pixel 5 boldy. Şol bir wagtyň özünde, bu model iň “aldawçy” gurluş diýlip atlandyryldy.
Awtoryň pikiriçe, BlackShark 3 telefonuny abatlamakda has köp mesele ýüze çykyp biler.
Iň “innowasion” smartfon adyna ekranasty selfi-kamerasy üçin ZTE Axon 20 mynasyp boldy, iPhone 12 Pro Max bolsa has özüne çekiji gurluş diýlip atlandyryldy.

şu gün 00:17
287

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
824

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.6k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......