Xiaomi bäş minutda 350 müň sany Mi 11 smartfonyny satdy

  • 04.01.2021 23:40
  • 9.3k+

Xiaomi-niň täze flagmany bolan Mi 11-i öňünden sargyt etmek mümkinçiligi 28-nji dekabrda peýda bolupdy. Şonda-da ulanyjylar smartfonyň bar bolan partiýasynyň ählisini bary-ýogy 30 sekuntda satyn aldylar diýip, tech.sm.news habar berýär.

Häzirki wagtda flagman ahyrsoňy bölek satuwda satylyp başlandy we onuň dükanlarda ilkinji satuwlarynyň netijeleri belli boldy. Smartfony satyn almak üçin bir milliona golaý adamyň nobata durandygy aýdylýar.
"Xiaomi" toparynyň wise-prezidenti Zeng Sýueçžun öz gezeginde satuwyň üstünlikli bolandygyny tassyklady. Ol kompaniýanyň bary-ýogy bäş minutda 350 müň sany Mi 11 smartfonyny satandygyny belleýär.
Şol bir wagtyň özünde, satuwdan alnan girdeji gaty täsirli boldy. Ol, takmynan, 230 million dollara ýa-da 1,5 milliard ýuana deň boldy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......