Türkmenistanda täze dörediljek kärhananyň adyny onlaýn tassykladyp bolar

  • 03.01.2021 22:02
  • 15k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi täze sanly hyzmatlary hödürleýär. Olaryň hatarynda kärhananyň adyny onlaýn tassyklatmak hyzmaty hem bar.

Ýuridik şahsyň ady iki ýol bilen tassyklanyp bilner: adaty usulda - degişli hasaba alyş bölümlerine arza we zerur resminamalary ibermek arkaly ýa-da onlaýn anketany doldurmak arkaly.
Onlaýn bellige almak üçin zerur resminamalar:

  • Arza
  • Pasportyň nusgasy
  • Töleg kwitansiýasy

Kärhananyň ady gysgaltmasyz türkmen dilinde bir söz ýa-da söz düzümi bolmaly. Ýüklenilýän faýllar PDF formatynda bolmaly. Hasaba alyş bölümi Türkmenistanyň çäginde meňzeş atly başga bir kärhananyň ýokdugyny tassyklaýan kepilnama berýär.
Daşary ýurt döwletiniň gatnaşmagynda döredilen kärhananyň adynda esaslandyryjynyň döwleti görkezilip bilner.
Kepilnama 3 aý möhlet bilen berilýär. Şeýle hem ýazmaça ýüztutma esasynda hasaba alyş bölümi şahadatnamanyň güýjüni ýene 3 aý uzaldyp bilýär.

şu gün 08:40
94

ChatGPT-däki mahabat Meta-dan üç esse gymmat bolar. Ýöne...

OpenAI startapynyň ChatGPT interfeýsine mahabat ornaşdyrmaga we gönüden-göni çat-botuň içinde söwda etmek mümkinçiligini döretmäge taýýarlanýandygy öňräkden bäri mälimdir. The Verge neşiriniň berýän maglumatyna görä, ChatGPT-de mahabat goýmagyň bahasy beýleki bäsdeş taraplary bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary bolar...

düýn 16:20
2.4k+

LG kompaniýasy Sony we TCL-iň yzýany 8K modelleriniň önümçiligini duruzýar: sebäbi näme?

LG kompaniýasy 8K durulykly telewizorlaryň önümçiligini bes etdi. Günorta koreýaly öndüriji Sony we TCL kompaniýalarynyň yzy bilen bu segmenti terk edýär diýip, TechRadar neşiri habar berýär. LG şeýle formatdaky ilkinji modelini 2018-nji ýylda tanyşdyrypdy...

düýn 16:12
1.2k+

Reincubate kompaniýasy Apple-i web-kamera funksiýany ogurlamakda aýyplady

Britaniýanyň Reincubate kompaniýasy Apple garşy şikaýat bilen kazyýete ýüz tutdy. Ol korporasiýany patent hukuklaryny bozmakda we smartfony web-kamera hökmünde ulanmak tehnologiýasyny göçürmekde aýyplaýar. Şikaýatçy...

31.01.2026 22:23
3.1k+

Hemmäň ünsi smartfonda: Hytaýda telewizorlaryň satuwy soňky 10 ýylyň iň pes derejesine düşdi

AVC seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýda 27,63 million sany reňkli telewizor satyldy. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,4% az bolup, soňky on ýylyň dowamyndaky iň pes netijedir...