Saglygy goraýyş pudagynda 50 sany täze milliarder peýda boldy

  • 26.12.2020 20:03
  • 16k+

Pandemiýa başlany bäri dünýäde saglygy goraýyş pudagynda 50 sany täze milliarder peýda boldy diýip, Forbes-e salgylanyp, rbc.ru ýetirýär. Olaryň baýlygy sanjym taýýarlaýan ýa-da lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edýän kompaniýalaryň paýnama bahasynyň ösmegi netijesinde ýokarlandy.

Neşiriň maglumatlaryna görä, pandemiýa döwründe baýan täze milliarderleriň arasynda şular bar:

Ugur Şahin – BioNtech nemes biotehnologik kompaniýasynyň baş müdiri. Pfizer amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ol 95% netije görkezen koronawirusa garşy sanjymy taýýarlady. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalary 160% ýokarlandy. Şonuň netijesinde Şahiniň baýlygy 4,2 milliard dollara ýetdi.
Stefan Bansel – Moderna amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy. Forbes Banseliň baýlygyny 4,1 milliard dollar bilen bahalandyrýar. Ýylyň başyndan bäri Moderna-nyň paýnama bahasy 550%-den gowrak ýokarlandy.
Hu Kun – Hytaýyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän Contec Medical Systems kompaniýasynyň ýolbaşçysy. Onuň baýlygy 3,9 milliard dollar bilen bahalandyrylýar.
Karl Hansen – Kanadanyň AbCellera kompaniýasynyň ýolbaşçysy. Neşiriň hasabyna görä, onuň baýlygy 2,9 milliard dollara barabar.
Serjio Stewanato – dünýäde ululygy boýunça ikinji orunda durýan aýna çüýşelerini öndüriji italýan kompaniýasy Stevanato Group-yň ýolbaşçysy. Neşir onuň baýlygyny 1,8 milliard dollar diýip belleýär.
2020-nji ýylyň jemi boýunça dünýäde 2200-den gowrak milliarder 1,9 trillion dollar baýadylar diýip, Forbes habar berýär. Ähli milliarderleriň baýlygy jemi 11,4 trillion dollar bilen bahalandyrylýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......