Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Dialogy boýunça duşuşyk geçirildi

  • 24.12.2020 22:57
  • 16k+

Mejlisiň başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Dialogyny döretmek boýunça ilkinji duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyk wideomaslahat görnüşinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebit edarasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan guraldy.

BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebit edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German duşuşygy açyp, durnukly ösüşi üpjün etmek, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde zenanlaryň eýeleýän ornuny güýçlendirmäge gönükdirilen täze taslamanyň möhümdigini nygtadylar.
Wideomaslahata gatnaşyjylar bu Dialogy döretmek başlangyjynyň onuň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetliligine degişli nukdaýnazardan konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi tarapyndan goldanylan “2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini” iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de BMG-niň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” diýen gün tertibi baradaky meselelere aýratyn üns berildi.

düýn 23:54
1k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1.1k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
841

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....